Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:12 - Mukaddes Kitap

12 Olar Rebbiň: «Siz butlara sežde etmäň» diýip aýdan sözüne gulak asman, butlara sežde etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Олар Реббиң: «Сиз бутлара сежде этмәң» дийип айдан сөзүне гулак асман, бутлара сежде этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:12
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi.)


Olar şol seždegählerde Rebbiň öz ýurtlaryndan kowup çykaran milletleriniň edişi ýaly sadakalar berdiler. Olar pis işleri edip, Rebbiň gaharyny getirdiler.


Emma olar Rebbiň sözüne gulak asman, özleriniň ozalky adatlaryna eýerdiler.


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Başga hudaýa sežde etmäň, sebäbi Gabanjaň atly Reb gabanjaň Hudaýdyr.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Siz Hudaýyňyz Rebbe bu milletleriň ýoly bilen sežde etmeli dälsiňiz.


Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ