Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:11 - Mukaddes Kitap

11 Olar şol seždegählerde Rebbiň öz ýurtlaryndan kowup çykaran milletleriniň edişi ýaly sadakalar berdiler. Olar pis işleri edip, Rebbiň gaharyny getirdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Олар шол сеждегәхлерде Реббиң өз юртларындан ковуп чыкаран миллетлериниң эдиши ялы садакалар бердилер. Олар пис ишлери эдип, Реббиң гахарыны гетирдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:11
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.


Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Ýewfrat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getirdiler.


Ýowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawynda toplanan kümşüň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň.


Olar her bir beýik baýyrda hem-de gür ýaprakly her bir agajyň astynda dikme daşlary we Aşera butlaryny dikdiler.


Olar Rebbiň: «Siz butlara sežde etmäň» diýip aýdan sözüne gulak asman, butlara sežde etdiler.


Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin Ýahudanyň her şäherinde seždegähler gurup, ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.


Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.


Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


siziň kowup çykarjak milletleriňiziň öz hudaýlaryna hyzmat edýän beýik daglarynyň depesindäki, baýyrlyklardaky we gür ýaprakly her bir agajyň astyndaky ähli ýerlerini ýykyp ýumruň.


Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda, ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň.


Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ