Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 17:10 - Mukaddes Kitap

10 Olar her bir beýik baýyrda hem-de gür ýaprakly her bir agajyň astynda dikme daşlary we Aşera butlaryny dikdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Олар хер бир бейик байырда хем-де гүр япраклы хер бир агаҗың астында дикме дашлары ве Ашера бутларыны дикдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 17:10
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular.


Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berýärdi, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi.


Olar şol seždegählerde Rebbiň öz ýurtlaryndan kowup çykaran milletleriniň edişi ýaly sadakalar berdiler. Olar pis işleri edip, Rebbiň gaharyny getirdiler.


Barýan ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmakdan ägä boluň, ýogsam ol äht sizi duzaga düşürer.


Siz olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny çapyň.


Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.


Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?


Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Aşera butlaryny sogrup taşlaryn, galalaryňyzy weýran ederin.


Hudaýyňyz Rebbe guran gurbanlyk sypaňyzyň ýanynda Aşera buty hökmünde agaç dikmäň.


Şeýle hem özüňize dikme daşlary gurmaň, çünki bu zatlar Hudaýyňyz Rebbiň ýigrenýän zatlarydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ