Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 16:7 - Mukaddes Kitap

7 Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Ахаз Ашур патышасы Тиглатпилесериң янына чапарлар ёллап: «Мен сениң гулуң хем-де оглуңдырын. Гел-де, маңа гаршы хүҗүм эдйән Сирия патышасы билен Ысрайыл патышасының элинден мени гутар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 16:7
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl patyşasy Ahap Benhadada şeýle jogap berdi: «Eý, meniň jenap patyşam, seniň aýdyşyň ýaly bolar; men we meniň ähli zadym seniňkidir».


Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Reb onuň bilendi. Hizkiýa nirä gitse-de, onuň işi oňuna boldy. Ol Aşur patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy we oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy.


Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpileserdi. Ol rubenleri, gatlary, gündogardaky manaşa tiresini ýesir edip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.


Şol wagtlarda Ahaz patyşa kömek sorap, Aşur patyşasynyň ýanyna adam ýollady.


Şeýdip, Aşur patyşasy Tiglatpileser Ahazyň garşysyna çykyp, oňa ýardam etmegiň deregine zulum etdi.


Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.


Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?


Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun!


Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik.


Sen aşurlylar bilen-de zyna etdiň, sebäbi sen doýmaz-dolmazdyň, olar bilen-de zyna etdiň, şonda-da ganmadyň.


Ol bezemen geýnüwli aşur ýolbaşçylaryna häkimlere, emeldarlara, at münýänlere, görmegeý ýaş ýigitleriň baryna göwün berdi.


Ohola Meniňkikä zyna edip, oýnaşlary bolan aşur ýolbaşçylaryna göwün berdi.


Şu dileg bilen Rebbe dolanyň. «Bar etmişlerimizi geç. Ýagşy dileglerimizi kabul et. Öküz gurbanlygyna derek alkyş gurbanlygyny hödür ederis.


Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ