Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 16:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berýärdi, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ол сеждегәхлерде, байырлыкларда ве гүр япраклы хер бир агаҗың астында гурбанлык берйәрди, якымлы ыслы түтетги түтедйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 16:4
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular.


Ýowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawynda toplanan kümşüň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň.


Emma seždegähler aýrylmady. Adamlar entek-enteklerem şol ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardylar.


Olar gabyrlaryň arasynda oturyp, gizlin ýerlerde gijäni ötürýärler; doňuz etini iýýärler, haram et gaýnadýarlar gazanlarynda.


Butparaz seždegählerine girmek üçin, özlerini mukaddes edip, inlerini tämizlänler, şeýle-de doňuz, syçan we beýleki haram haýwanlaryň etini iýenleriň ortasynda baş bolup duranyň yzyna eýerenler ýok bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Her gür ýaprakly agajyň ýanyndaky we beýik baýyrdaky gurbanlyk sypalary, Aşera butlary olaryň çagalarynyň ýadyndadyr.


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, seždegählerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler.


Her bir beýik baýryň depesindäki, ähli daglaryň başyndaky, her bir gür ýaprakly agajyň astyndaky we belent dub agajynyň astyndaky gurbanlyk sypalarynyň we butlarynyň arasynda, tütetgi hödür edilýän ähli ýerlerinde olaryň gylyçdan geçirilenleri serlip ýatanda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


siziň kowup çykarjak milletleriňiziň öz hudaýlaryna hyzmat edýän beýik daglarynyň depesindäki, baýyrlyklardaky we gür ýaprakly her bir agajyň astyndaky ähli ýerlerini ýykyp ýumruň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ