Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 16:16 - Mukaddes Kitap

16 Uryýa ruhany-da Ahaz patyşanyň tabşyran zatlarynyň baryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Урыя руханы-да Ахаз патышаның табшыран затларының барыны айдышы ялы ерине етирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 16:16
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uryýa ruhany Ahaz patyşanyň Damaskdan iberen nusgasyna görä gurbanlyk sypasyny ýasady. Uryýa muny patyşa Damaskdan gelmänkä ýasap gutardy.


Ahaz patyşa Uryýa ruhana şeýle tabşyryk berdi: «Ertiriň ýakma gurbanlygyny, agşamyň galla sadakasyny, patyşanyň ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýurduň tutuş ilatynyň ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny, içgi sadakalaryny şu uly gurbanlyk sypasynyň üstünde ber we ýakma gurbanlygynyň hem-de gurbanlyklaryň ganlaryny gurbanlyk sypasyna serp. Emma bürünç gurbanlyk sypasyny meniň maslahat soramagym üçin ulanmaga goýuň».


Onsoň Ahaz patyşa arabalaryň gapdallaryny kesip, olaryň üstündäki legeni aýyrdy. Ol howzy aşagyndaky bürünç öküzleriň üstünden aýryp, ony bir daş sekiniň üstünde goýdy.


Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.


Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.


Men Uryýa ruhany bilen Ýaberekýanyň ogly Zakarýany Özüme ynamly şaýatlar hökmünde çagyraryn» diýdi.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Emma Petrus bilen Ýohanna olara: «Hudaýyň sözlerine däl-de, siziňkä gulak asmak Hudaýyň nazarynda dogrumydyr? Özüňiz netije çykaryň!


Petrus bilen resullar olara şeýle jogap berdiler: «Ynsana däl-de, Hudaýa boýun bolmak has möhümdir.


Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ