Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 15:8 - Mukaddes Kitap

8 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz sekizinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Zakarýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada alty aý şalyk sürdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Яхуда патышасы Узыяның шалыгының отуз секизинҗи йылында Яробгамың оглы Закаря Ысрайыла патыша болуп, Самарияда алты ай шалык сүрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 15:8
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ýehuwa: «Sen Meniň nazarymda dogry iş edip, Ahabyň tohum-tiji babatda Meniň ýüregimiň islegini ýerine ýetirdiň. Şonuň üçin hem seniň nesliň dördünji arka çenli Ysraýyla patyşa bolar» diýdi.


Bütin ýahuda halky Amazýanyň on alty ýaşyndaky ogly Uzyýany kakasy Amazýanyň ýerine patyşa etdi.


Ýarobgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol atalarynyň hem-de Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Zakarýa patyşa boldy.


Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Amazýanyň ogly Ýahuda patyşasy Uzyýa patyşalyk edip başlady.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Ýabeşiň ogly Şallum patyşa bolup, Samariýada bir aý patyşalyk etdi.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Gadynyň ogly Menahym Ysraýyla patyşa boldy. Ol Samariýada on ýyl patyşalyk etdi.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň ellinji ýylynda Menahymyň ogly Pekahýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada iki ýyl şalyk sürdi.


Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýotam patyşa boldy.


Zakarýa hem atalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgam Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir, aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.


Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.


Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ