Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 15:12 - Mukaddes Kitap

12 Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реббиң Ехува: «Сениң несиллериң дөрдүнҗи арка ченли Ысрайыл тагтында отурарлар» дийип берен вадасы берҗай болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 15:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onda şuny bilip goýuň. Rebbiň Ahabyň ogullarydyr ogul agtyklaryna garşy aýdan sözleriniň hiç biri hem ýerde galmaz, çünki Reb Öz guly Ylýas arkaly diýen sözlerini berjaý etdi».


Reb Ýehuwa: «Sen Meniň nazarymda dogry iş edip, Ahabyň tohum-tiji babatda Meniň ýüregimiň islegini ýerine ýetirdiň. Şonuň üçin hem seniň nesliň dördünji arka çenli Ysraýyla patyşa bolar» diýdi.


Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ogly Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda Ýehuwyň ogly Ýehogahaz Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada on ýedi ýyl şalyk sürdi.


Ýahuda patyşasy Ýowaşyň şalygynyň otuz ýedinji ýylynda Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada on alty ýyl şalyk sürdi.


Şeýdip, Ýehowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam tagta çykdy.


Ýarobgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol atalarynyň hem-de Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Zakarýa patyşa boldy.


Zakarýanyň beýleki işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa,


Esgerler biri-birine: «Geliň, muny ýyrtmalyň, muňa bije atalyň, kimiň bijesi çyksa, şol alar» diýdiler. Bu Mukaddes Ýazgylardaky: «Özara paýlaşýarlar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar» diýen sözleriň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy. Esgerler şeýle hem etdiler.


«Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy.


Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ