Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 15:10 - Mukaddes Kitap

10 Ýabeşiň ogly Şallum Zakarýa garşy dildüwşük gurap, ony halkyň öňünde urup öldürdi-de, onuň ýerine özi patyşa boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Ябешиң оглы Шаллум Закаря гаршы дилдүвшүк гурап, оны халкың өңүнде уруп өлдүрди-де, онуң ерине өзи патыша болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 15:10
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Bagşa ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Nadaby öldürip, onuň ýerine özi patyşa boldy.


Bu işi eden Ýowaşyň emeldarlary Şimgatyň ogly Ýozabat bilen Şomeriň ogly Ýehozabatdy. Ýowaş dünýäden ötdi we Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.


Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler.


Zakarýanyň beýleki işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Onsoň Gadynyň ogly Menahym Tirsadan çykyp, Samariýa geldi. Ol Samariýada Ýabeşiň ogly Şallumy öldürip, özi onuň ýerine patyşa boldy.


Menahym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Pekahýa onuň ýerine patyşa boldy.


Öz serkerdesi Remalýanyň ogly Peka elli sany gilgatly bilen Pekahýa garşy dildüwşük gurady. Peka Samariýada köşgüň içki galasynda Argop we Arýe bilen birlikde Pekahýanyň üstüne hüjüm edip, ony öldürip, ýerine özi patyşa boldy.


Onsoň Elanyň ogly Hoşeýa Remalýanyň ogly Peka garşy dildüwşük gurap, onuň üstüne hüjüm etdi we ony öldürdi. Soňra Uzyýanyň ogly Ýotamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Hoşeýa Pekanyň ýerine patyşa boldy.


Zakarýa hem atalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgam Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.


Ýehu bar güýji bilen ýaýyny çekip, Ýoramyň iki egniniň ortasyndan urdy. Ok onuň ýüreginden geçip, ol öz söweş arabasyna ýykyldy.


Ýehu derwezeden girende, Izebel: «Sen hem öz jenabyny öldüren Zimri ýalysyň! Eýgilige geldiňmi?» diýip sorady.


Olaryň barysy tamdyr ýaly gyzgyn Öz hökümdarlaryny heläk edýärler. Olaryň patyşalarynyň barysy ýykyldy. Hiç biri Meni çagyrmaýar.


Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.


Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ