Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 15:1 - Mukaddes Kitap

1 Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Amazýanyň ogly Ýahuda patyşasy Uzyýa patyşalyk edip başlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ысрайыл патышасы Яробгамың шалыгының йигрими единҗи йылында Амазяның оглы Яхуда патышасы Узыя патышалык эдип башлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 15:1
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bütin ýahuda halky Amazýanyň on alty ýaşyndaky ogly Uzyýany kakasy Amazýanyň ýerine patyşa etdi.


Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýanyň şalygynyň on bäşinji ýylynda Ýehowaşyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýarobgam Samariýa patyşa bolup, kyrk bir ýyl şalyk sürdi.


Ýarobgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol atalarynyň hem-de Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Zakarýa patyşa boldy.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Ýabeşiň ogly Şallum patyşa bolup, Samariýada bir aý patyşalyk etdi.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Gadynyň ogly Menahym Ysraýyla patyşa boldy. Ol Samariýada on ýyl patyşalyk etdi.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň ellinji ýylynda Menahymyň ogly Pekahýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada iki ýyl şalyk sürdi.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň elli ikinji ýylynda Remalýanyň ogly Peka Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi ýyl şalyk sürdi.


Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz sekizinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Zakarýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada alty aý şalyk sürdi.


Bütin ýahuda halky on alty ýaşly Uzyýany alyp, ony kakasy Amazýanyň deregine patyşa etdi.


Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ