Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 14:7 - Mukaddes Kitap

7 Amazýa Duz jülgesinde on müň sany edomlyny gyryp, Sela galasyny basyp aldy. Ol Sela galasyny Ýokteýel diýip atlandyrdy. Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylyp gelýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Амазя Дуз җүлгесинде он мүң саны эдомлыны гырып, Села галасыны басып алды. Ол Села галасыны Ёктеел дийип атландырды. Ол шу гүне ченли хем шейле атландырылып гелйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 14:7
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürenden soň, Dawudyň meşhurlygy has-da artdy.


Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Elbetde, sen edomlylary gyrdyň we muňa seniň göwnüň galkdy. Şu ýeňşiňe guwan-da, öýüňde otur. Sen näme üçin uruşmaga bahana agtarýarsyň? Sen özüňiň we Ýahudanyň halkynyň başyna bela getirersiň».


Seruýanyň ogly Abyşaý Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürdi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


Sähra ýoly bilen Seladan Sion gyzynyň dagyna, ýurduň hökümdarlaryna guzulary ýollaň.


Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr.


Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ