Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 13:6 - Mukaddes Kitap

6 Muňa garamazdan ysraýyl halky Ýarobgamyň nesilleriniň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam günä gazanmagyny dowam etdirdi. Aşera buty hem Samariýada galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Муңа гарамаздан ысрайыл халкы Яробгамың несиллериниң Ысрайыла этдирен гүнәлеринден эл чекмән, гайтам гүнә газанмагыны довам этдирди. Ашера буты хем Самарияда галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 13:6
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».


Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady.


Omry Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly günä etdi. Ol ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdy.


Ahap hem aýal hudaýy Aşera butuny ýasady. Ahap Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirmekde Ysraýylyň özünden öňki patyşalarynyň baryndan ozdurdy.


Emma Ýehu Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli işlerinden el çekmedi. Ýarobgam Beýteldäki we Dandaky altyn gölelere sežde edip, ysraýyl halkyna günä etdirdi.


Ýehowaş Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam ony dowam etdirdi.


Ýehogahaz Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günäli ýollaryndan ýöräp, günä etmekden el çekmedi.


Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.


Ol seždegähleri ýok etdi, dikme daşlary ýykdy we Aşera butlaryny kesip aýyrdy. Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady, çünki ysraýyl halky şol günlere çenli bürünç ýylana ýakymly ysly tütetgi ýakyp gelipdi. Ol bürünç ýylan Nehuştan diýip atlandyryldy.


Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.


Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler.


Pisler merhemet gazansalar-da, dogrulygy öwrenmezler, adalatsyzlyk ederler, dogrularyň ýurdunda. Rebbiň şan-şöhratyny görmezler.


Emma siz olar bilen şeýle ediň: olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykyň we beýleki butlaryny hem oda ýakyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ