Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 13:5 - Mukaddes Kitap

5 Şonuň üçin hem Reb Ysraýyla bir halasgär berdi. Şondan soň olar Siriýanyň golastyndan çykdylar. Şeýdip, ysraýyl halky öňküsi ýaly öz öýünde asudalykda ýaşady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Шонуң үчин хем Реб Ысрайыла бир халасгәр берди. Шондан соң олар Сирияның голастындан чыкдылар. Шейдип, ысрайыл халкы өңкүси ялы өз өйүнде асудалыкда яшады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 13:5
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Hazaýylyň ogly Benhadada garşy urşup, onuň kakasy Ýehogahaza garşy urşup alan galalarynyň baryny Benhadadyň elinden aldy. Ýehowaş Benhadady üç gezek ýeňlişe sezewar edip, Ysraýylyň galalaryny yzyna gaýtaryp aldy.


Ýarobgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Emitaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi.


Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýehowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi.


Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Hudaýyň Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, halkym Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.


Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň.


Çünki sen şunuň ýaly pursatda ümsüm otursaň, onda ýahudylar başga ýerden ýardam tapyp, halas bolarlar, ýöne sen we seniň kakaň maşgalasy heläk bolar. Belki, sen şunuň ýaly pursatlar üçin şa aýaly bolansyň!»


Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.


Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder.


Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin, Sion dagynyň üstüne çykarlar. Patyşalyk Rebbiňki bolar».


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Ganhor ol ýere, ine, şeýle ýagdaýda gaçyp baryp, diri galyp biler: tötänlikde başga birini öldüren bolsa we ol ikisiniň arasynda öň hiç hili duşmançylyk ýok bolsa, ol ýere gaçyp gutulyp biler.


Şonda Ýerubagaly, Baragy, Ýeftahy we Şamuweli iberip, Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden halas etdi. Şeýdip, siz asuda durmuşa ýetdiňiz.


Ýonatan Dawudy çagyryp, bu gürrüňleri oňa ýetirdi. Soňra ol Dawudy Şawulyň ýanyna alyp bardy. Şunlukda, Dawut ýene öňküsi ýaly Şawula gulluga durdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ