Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 13:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýehogahaz Rebbe ýalbardy, Reb hem ony eşitdi, çünki Reb Ysraýylyň çekýän sütemini, Siriýa patyşasynyň olara berýän ezýetini gördi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ехогахаз Реббе ялбарды, Реб хем оны эшитди, чүнки Реб Ысрайылың чекйән сүтемини, Сирия патышасының олара берйән эзъетини гөрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 13:4
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Hudaýyň perişdesi gökden Hajary çagyryp: «Hajar, näme boldy? Gorkma, Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Bar, oglany ýerinden galdyr-da, elinden tut. Men ondan bir beýik millet ýaradaryn» diýdi.


Eger atam Ybraýymyň Hudaýy we kakam Yshagyň Heder Edýäni meniň bilen bile bolmadyk bolsa, onda sen häzir hem meni boş kowup goýbererdiň. Hudaý meniň çeken ezýetlerimi hem zähmetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş berdi».


Siriýa patyşasy Hazaýyl Ýehogahazyň bütin ömrüne Ysraýyla sütem edip gelipdi.


Emma Reb Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähti üçin ysraýyllara merhemet edip, rehim-şepagat görkezdi we olary goldady. Reb olary heläk etmek islemedi. Şu wagta çenli hem olary Öz huzuryndan kowmady.


Çünki Reb Ysraýylyň agyr muşakgatyny gördi. Ysraýylda olara kömek berer ýaly gulam, azat adamam galmandy.


Manaşanyň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr. Şeýle-de bu kitapda Manaşa özüni Hudaýyň öňünde peseltmezden öň guran seždegähleri, Aşera we beýlekilere diken butlary barada ýazylandyr.


Şeýdip, biz agyz bekläp, Hudaýymyzdan bizi goramagyny dileg edip ýalbardyk. Ol hem biziň dilegimizi eşitdi.


Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider, sen hudaýýolularyňy berersiň.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.


Ine, indi Maňa ysraýyllaryň ahy-nalasy gelip ýetdi, Men müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýändiklerini gördüm.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler.


„Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“.


Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.


Olar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günä etdik, öz Hudaýymyz Seni terk edip, Bagal butlaryna gulluk etdik» diýip eňreşdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ