Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 13:23 - Mukaddes Kitap

23 Emma Reb Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähti üçin ysraýyllara merhemet edip, rehim-şepagat görkezdi we olary goldady. Reb olary heläk etmek islemedi. Şu wagta çenli hem olary Öz huzuryndan kowmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Эмма Реб Ыбрайым, Ысхак ве Якуп билен эден әхти үчин ысрайыллара мерхемет эдип, рехим-шепагат гөркезди ве олары голдады. Реб олары хеләк этмек ислемеди. Шу вагта ченли хем олары Өз хузурындан ковмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 13:23
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi.


Ýöne şonda-da, ýa Beýik Hudaýym, Sen guluň dilegine hem-de ýalbaryşyna gulak sal-da, onuň bu gün ýürekden edýän ýalbaryşyny we dilegini kabul et.


Siriýa patyşasy Hazaýyl dünýäden ötdi we onuň ýerine ogly Benhadat patyşa boldy.


Ýehogahaz Rebbe ýalbardy, Reb hem ony eşitdi, çünki Reb Ysraýylyň çekýän sütemini, Siriýa patyşasynyň olara berýän ezýetini gördi.


Çünki Reb Ysraýylyň agyr muşakgatyny gördi. Ysraýylda olara kömek berer ýaly gulam, azat adamam galmandy.


Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýehowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi.


Reb Ysraýyla garşy gahardan ýaňa lowlap, olary ret etdi. Ýahuda tiresinden başga ýekeje adam-da galmady.


Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.


Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Emma Ol gudratyny bildirmek üçin, Öz adynyň hatyrasyna olary halas eýledi.


Ol Gyzyl deňze buýurdy, ol hem gurady, olary çuňlukdan gury ýerden kimin geçirdi.


Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.


Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şan-şöhratym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin.


Hemmesini sogrup taşlanymdan soň, olara ýene ýüregim awar. Olaryň her birini öz mülküne, öz topragyna gaýtaryp getirerin.


Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.


Olar Rebbiň huzuryndan we Onuň gudratynyň şöhratyndan mahrum edilip, baky heläkçilik jezasyny çekerler.


Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ