Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 13:13 - Mukaddes Kitap

13 Şeýdip, Ýehowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam tagta çykdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Шейдип, Еховаш ата-бабаларына говушды. Ол Самарияда Ысрайыл патышаларының янында җайланды. Онсоң онуң ерине оглы Яробгам тагта чыкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 13:13
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn.


Ýogsam jenabym dünýäden ötenden soň, men we oglum Süleýman etmişli saýylarys» diýdi.


Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi.


Onsoň Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar.


Ýehowaşyň beýleki işleri we ähli eden işleri, Ýahuda patyşasy Amazýa garşy eden uruşlarynda görkezen edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Elýaşa agyr keselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursady golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, sesli aglady.


Şeýdip, Ýehogahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýehowaş patyşa boldy.


Ýehowaşyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen eden urşy barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýanyň şalygynyň on bäşinji ýylynda Ýehowaşyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýarobgam Samariýa patyşa bolup, kyrk bir ýyl şalyk sürdi.


Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.


Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň, Ysraýylda Ýehowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ