Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Şonuň üçin hem Ýowaş patyşa Ýehoýada ruhany bilen birlikde beýleki ruhanylary hem çagyryp, olara: «Siz näme üçin Rebbiň öýüni bejermeýärsiňiz? Mundan beýläk siz kümüş ýygnamaň. Ýygnalan kümşi Rebbiň öýüni bejermäge beriň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шонуң үчин хем Ёваш патыша Ехояда руханы билен бирликде бейлеки руханылары хем чагырып, олара: «Сиз нәме үчин Реббиң өйүни беҗермейәрсиңиз? Мундан бейләк сиз күмүш йыгнамаң. Йыгналан күмши Реббиң өйүни беҗермәге бериң» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 12:7
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýedinji ýylda Ýehoýada ruhany Kari goşunynyň ýüzbaşylaryny we köşk garawullaryny öz ýanyna Rebbiň öýüne çagyrdy. Onsoň Ýehoýada şol ýerde olar bilen äht edişdi we olara ant içirip, soň Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy olara görkezdi.


Ýowaş ömürboýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, çünki Ýehoýada ruhany oňa şeýle tälim beripdi.


Emma Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda-da ruhanylar Rebbiň öýüniň bejerilmeli ýerlerini bejermändiler.


Şeýdip, ruhanylar halkdan kümüş almazlyga we Rebbiň öýüni-de özleri bejermezlige razylaşdylar.


Emma Ýowap patyşa ýüzlenip: «Reb halkynyň sanyny ýüz esse köpeltsin! Eý, şahym, şolaryň ählisi jenabymyň gullary dälmi näme? Näme üçin jenabym beýle etmek isleýär? Näme üçin ol Ysraýyly günäli etjek bolýar?» diýdi.


Ýedinji ýylda Ýehoýada gaýrata galyp, ýüzbaşylar Ýerohamyň ogly Azarýa, Ýehohananyň ogly Ysmaýyl, Obediniň ogly Azarýa, Adaýanyň ogly Magaseýa we Zikriniň ogly Elişapat bilen äht edişdi.


Ýehoýadany Ysraýylda Hudaý we Onuň öýi üçin eden gowy işleri sebäpli Dawut galasynda patyşalaryň ýanynda jaýladylar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu halk Rebbiň öýüni täzeden gurmagyň wagty entek gelenok diýýär».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ