Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 12:5 - Mukaddes Kitap

5 Goý, her bir ruhany şu hazynadarlaryň birinden kümüş alsyn-da, ony Rebbiň öýüniň bejerdilmeli ýeri bar bolsa, şony bejertmek üçin ulansyn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Гой, хер бир руханы шу хазынадарларың биринден күмүш алсын-да, оны Реббиң өйүниң беҗердилмели ери бар болса, шоны беҗертмек үчин улансын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 12:5
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň patyşa garşy el galdyrmagynyň sebäbi şeýledi: Süleýman Millony täzeden dikeldip, kakasy Dawut galasynyň diwarlarynyň ýykylan ýerlerini abatlady.


Ýowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawynda toplanan kümşüň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň.


Emma Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda-da ruhanylar Rebbiň öýüniň bejerilmeli ýerlerini bejermändiler.


«Baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna bar-da, oňa gapy sakçylarynyň halkdan ýygnap, Rebbiň öýüne getiren kümşüniň baryny sana diý.


Soňra urugbaşylardyr tire baştutanlary, müňbaşylardyr ýüzbaşylar, şa gullugyndaky baştutanlar meýletin gurbanlyklar berdiler.


Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy.


Ýowaş ruhanylary we lewileri ýygnap, olara şeýle diýdi: «Ýahudanyň şäherlerine gidiň-de, Hudaýyňyzyň öýüni her ýyl bejermek üçin bütin ysraýyl halkyndan pul toplaň. Bu işi dessine ýerine ýetiriň». Emma lewiler howlukmadylar.


Pis aýal Atalýanyň ogullary Hudaýyň öýüne urup girip, Rebbiň öýündäki mukaddes zatlary Bagal butlaryna sežde etmekde ulanypdylar.


Ine, hasaba alnanlaryň tölemeli zady: mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça ýarym şekel kümüş. Bir şekel iki mysgala deňdir. Maňa sadaka hökmünde ýarym şekel kümüş bersinler.


Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler, köp asyrlardan galan harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz; olar size: «Jaýryklary bejerýän, ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner.


Ynsan bolsun, haýwan bolsun, parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ