Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Muňa garamazdan, seždegähler ýykylmandy. Halk entek-enteklerem şol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Муңа гарамаздан, сеждегәхлер йыкылманды. Халк энтек-энтеклерем шол сеждегәхлерде гурбанлык берип, якымлы ыслы түтетги якярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 12:3
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Asa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.


Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy.


Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.


Ýowaş ömürboýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, çünki Ýehoýada ruhany oňa şeýle tälim beripdi.


Emma seždegähler aýrylmady. Adamlar entek-enteklerem şol ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardylar.


Uzyýa öz kakasy Amazýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.


Muňa garamazdan, ol seždegähleri aýyrmady. Halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp, gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy.


Muňa garamazdan Uzyýa seždegähleri aýyrmady. Bütin halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.


Hizkiýa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.


Ol seždegähleri ýok etdi, dikme daşlary ýykdy we Aşera butlaryny kesip aýyrdy. Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady, çünki ysraýyl halky şol günlere çenli bürünç ýylana ýakymly ysly tütetgi ýakyp gelipdi. Ol bürünç ýylan Nehuştan diýip atlandyryldy.


Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.


Ruhanylar, lewiler özlerini Rebbiň kanunyna bagyş eder ýaly, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna ruhanylara we lewilere ondan bir bölegi bermeklerini buýurdy.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ