Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 12:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýahuda patyşasy Ýowaş atalary bolan Ýahuda patyşalary Ýehoşapadyň, Ýehoramyň, Ahazýanyň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, özüniň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altynyň baryny alyp, Siriýa patyşasy Hazaýyla iberdi. Şondan soň Hazaýyl Iýerusalimden el çekdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Яхуда патышасы Ёваш аталары болан Яхуда патышалары Ехошападың, Ехорамың, Ахазяның Реббе багыш эден бар затларыны, өзүниң Реббе багыш эден бар затларыны, Реббиң өйүниң ве патышаның өйүниң хазыналарындакы алтының барыны алып, Сирия патышасы Хазайыла иберди. Шондан соң Хазайыл Иерусалимден эл чекди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 12:18
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.


Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi.


Ýowaşyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.


Ýowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawynda toplanan kümşüň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň.


Ýehowaş Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altyn-kümşüň, gap-gaçlaryň baryny, bulardan daşary-da ýesir alnan adamlary alyp, Samariýa dolanyp geldi.


Ahaz Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalarynda bar bolan altyndyr kümşi alyp, sowgat hökmünde Aşur patyşasyna iberdi.


Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň».


Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalaryndan kümüşdir altyn alyp, olary Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi.


Ýehoýada ölenden soň, Ýahudanyň baştutanlary gelip, patyşa tagzym etdiler. Patyşa olara gulak asdy.


Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ