Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 11:2 - Mukaddes Kitap

2 Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýa patyşanyň aýal dogany Ýehoşeba patyşanyň öldürilmeli ogullarynyň içinden Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoşeba Ýowaşy Atalýadan gizledi we ol ölmän galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Эмма Ехорам патышаның гызы, Ахазя патышаның аял доганы Ехошеба патышаның өлдүрилмели огулларының ичинден Ёвашы огурлап, оны энекеси билен ятылян отагда гойды. Шейдип, Ехошеба Ёвашы Аталядан гизледи ве ол өлмән галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 11:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Hadat kakasynyň emeldarlary bolan birnäçe edomlylar bilen gaçyp, Müsüre gidipdi; Hadat ol wagtlar ýaş oglandy.


Tutuş öýe ýanaşdyrylyp salnan otaglaryň her gatynyň beýikligi bäş tirsekdi. Ol otaglar öýe kedr pürsleri bilen birikdirildi.


Ortaky gatyň gapysy Rebbiň öýüniň günorta tarapyndady; aýlawly basgançaklar bilen ortaky gata, ortaky gatdan üçünji gata çykyp bolýardy.


Ýowaş patyşalyk edip başlanda, ýedi ýaşyndady.


Ol Ýehoşeba bilen alty ýyllap Rebbiň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurtda şalyk edýärdi.


Ysraýyl patyşasy Ýehuwyň şalygynyň ýedinji ýylynda Ýowaş patyşalyk edip başlady. Ol kyrk ýyllap Iýerusalimde patyşalyk etdi. Onuň ejesi Beýerşebadan bolup, ady Sibýady.


Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň bäşinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoram Ýahuda patyşalyk edip başlady.


Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.


Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Ahazýa, Ahazýadan Ýowaş,


Emma patyşanyň gyzy Ýehoşabgat patyşanyň öldürilmeli şazadalarynyň içinden Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen bile ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoram patyşanyň gyzy, ruhany Ýehoýadanyň aýaly, Ahazýa patyşanyň uýasy Ýehoşabgat Ýowaşy Atalýadan gizledi we Ýowaş diri galdy.


Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Çünki Reb şeýle diýýär: „Dawudyň nesli Ysraýyl tagtynda baky oturar.


onda tagtynda patyşalyk etjek ogly bolmasyn diýip, gulum Dawut bilen we Maňa hyzmat eden lewi ruhanylarym bilen eden ähtimi-de bozup bolar.


Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».


«Rekabyň kowumlarynyň ýanyna gidip, olar bilen gepleş we olary Rebbiň öýüniň otaglarynyň birine getir-de, şerap içir».


Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.


Ol adam maňa şeýle diýdi: «Ýüzi günorta tarap bakýan bu otag Hudaýyň öýüni goraýan ruhanylar üçindir.


Abymelek Opra galasyna öz atasynyň öýüne geldi we Ýerubagalyň ýetmiş ogluny, ýagny öz doganlaryny bir daşyň üstünde öldürdi. Diňe Ýerubagalyň iň kiçi ogly Ýotam gaçyp gizlenip, diri galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ