2 Patyşalar 11:18 - Mukaddes Kitap18 Onsoň ýurduň bütin halky Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler. Onsoň Ýehoýada ruhany Rebbiň öýüne garawullar goýdy. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап18 Онсоң юрдуң бүтин халкы Багалың бутханасына барып, оны йыкды. Ондакы гурбанлык сыпаларыны, бутлары дөвүп, бөлек-бөлек эдип ташладылар. Олар Багалың руханысы Маттаны гурбанлык сыпаларының өңүнде өлдүрдилер. Онсоң Ехояда руханы Реббиң өйүне гаравуллар гойды. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Ýehu ýakma gurbanlygyny berip gutaran badyna, esgerlere we olaryň serkerdelerine ýüzlenip: «Buthana giriň-de, olaryň baryny gyryň, ýekejesini hem gaçyraýmaň» diýdi. Şeýdip, olar Bagalyň gullarynyň baryny gylyçdan geçirdiler. Esgerler we serkerdeler olaryň jesetlerini daşary çykaryp taşladylar. Soňra olar Bagalyň buthanasyna ybadat edilýän içki otaga girdiler.
Eger kimde-kim, hatda öz erkek doganyňyz, ejeňiziň ogly ýa-da öz ogul-gyzyňyz, söýgüli aýalyňyz, iň ýakyn dostuňyz: „Geliň, gidip, başga hudaýlara gulluk edeliň“ diýip, ne özüňiziň, ne-de ata-babalaryňyzyň tanaýan hudaýlaryna, ýeriň bu ujundan ol ujuna çenli bolan, daş-töweregiňizdäki size ýakyn ýa-da uzakda ýerleşýän halklaryň hudaýlaryna gizlinlikde sizi aldap yrmakçy bolsalar,