Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 11:14 - Mukaddes Kitap

14 Görse, ine, patyşa adata görä sütüniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Гөрсе, ине, патыша адата гөрә сүтүниң янында дурды. Серкерделердир сурнайчылар-да патышаның янындадылар. Юрдуң бүтин халкы шатланып, сурнай чалярды. Аталя якасыны йыртып: «Хайынлык! Хайынлык!» дийип гыгырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 11:14
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.


Muňa olar dady-perýat etdiler. Soňra olaryň hersi goşlaryny eşeklerine ýükläp, yzlaryna gala dolandylar.


Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.


Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi.


Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady.


Onsoň olaryň bary dessine donlaryny çykaryp, basgançaklaryň üstüne Ýehuwyň aýagynyň astyna ýazdylar. Soňra surnaý çalyp: «Ýaşasyn Ýehu patyşa!» diýip jar etdiler.


Onsoň Ýoram Ahazýa: «Bu haýynlykdyr, Ahazýa!» diýip gygyryp, at arabasyny yzyna öwürdi-de gaçdy.


Ol ýeriň golaýynda ýaşaýanlar zebulun, naftaly, ysakar tireleriniň çäklerine çenli eşeklerdir düýelere, gatyrlardyr öküzlere ýükläp, köp mukdarda un, injir kökeleri, kişmiş, şerap, ýag, öküz hem goýun getirdiler, çünki Ysraýylda şatlyk-şagalaňdy.


Ýoşyýa patyşa öz ýerinde durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu kitapda ýazylan äht barada aýdylan sözleri berjaý etjekdigi hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi.


Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.


Isa Zeýtun dagyndan aşak inýän ýola golaýlanda, şägirtleriň hemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ