Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 11:12 - Mukaddes Kitap

12 Onsoň Ýehoýada Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtiň nusgasyny berdi. Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Garawullar Ýowaşy patyşa diýip yglan etdiler. Olar el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Онсоң Ехояда Ахазя патышаның оглы Ёвашы дашары чыкарып, башына тәч гейдирип, оңа патышалык әхтиң нусгасыны берди. Ёвашың башына яг гуюп, оны патышалыга белледилер. Гаравуллар Ёвашы патыша дийип ыглан этдилер. Олар эл чарпышып: «Яшасын патыша!» дийип гыгырышдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 11:12
45 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Menem bardym-da, ony öldürdim. Sebäbi men onuň indi diri galmajakdygyna göz ýetiripdim. Başyndaky täji bilen elindäki bilezigini jenabyma alyp gaýtdym, ine, olar jenabym».


Dawut ammonlaryň patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadanam köp mukdarda olja aldy.


Dawudyň dosty ark urugyndan bolan Huşaý Abşalomyň ýanyna baryp: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.


Ýahudanyň adamlary geldiler we Dawudyň başyna ýag guýup, ony ýahuda tiresine patyşa bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,


Gollaryňyz kuwwatly bolsun, özüňizem mert boluň! Jenabyňyz Şawul öldi, ýahuda halky meni patyşalyga belledi».


Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýyla patyşa bellediler.


Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.


Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.


Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Patyşa sözüni dowam etdirip: «Kakam Dawuda eden ähli ýamanlyklaryňy özüň bilýänsiň. Şol eden ýamanlyklaryňy Reb seniň öz başyňdan inderer.


Garawullaryň hersi elleri ýaragly patyşany goramak üçin Rebbiň öýüniň günortadan demirgazyk tarapyna çenli gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde durdular.


Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýa patyşanyň aýal dogany Ýehoşeba patyşanyň öldürilmeli ogullarynyň içinden Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoşeba Ýowaşy Atalýadan gizledi we ol ölmän galdy.


Ýedinji ýylda Ýehoýada ruhany Kari goşunynyň ýüzbaşylaryny we köşk garawullaryny öz ýanyna Rebbiň öýüne çagyrdy. Onsoň Ýehoýada şol ýerde olar bilen äht edişdi we olara ant içirip, soň Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy olara görkezdi.


Onsoň olaryň bary dessine donlaryny çykaryp, basgançaklaryň üstüne Ýehuwyň aýagynyň astyna ýazdylar. Soňra surnaý çalyp: «Ýaşasyn Ýehu patyşa!» diýip jar etdiler.


Onsoň ýagly golçany al-da, ony Ýehuwyň depesinden guýup, Reb şeýle diýýär diý: „Men seni Ysraýyla patyşa edip belleýärin“. Onsoň sen ol ýerde hiç hili eglenme-de, tiz gaç».


Onsoň Ýehoýada patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtini berdi. Ýehoýada bilen onuň ogullary Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Ony patyşa diýip yglan edip: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Ähli aýallaryň içinden patyşa Esteri saýlady. Ol patyşanyň nazarynda beýleki gyzlaryň ählisinden köp merhemet we mähir gazandy. Şeýdip, ol Esteriň başyna şalyk täjini geýdirip, ony şa aýaly Waştynyň ýerine öz şa aýaly etdi.


Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan.


Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.


Ýa Reb, haçana çenli gaharlanjak? Bize müdimilik gaharlanjakmy? Gabanjaňlygyň ot deý lowlap ýanjakmy?


Eý, Hudaýymyz Reb, Sen jogap berdiň. Sen etmişleri üçin jeza berseň-de, olar üçin bagyşlaýjy Hudaý bolansyň.


Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň.


Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.


Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.


Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kanuny möhürle.


Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.


Olar Nebukadnesar patyşa şeýle diýdiler: «Patyşa baky ýaşasyn!


Danyýel patyşa şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn!


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline taýak tutdurdylar. Öňünde dyza çöküp: «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony masgaraladylar.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da,


Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym, başyňa şatlyk ýagyny guýdum».


Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.


Onuň gözleri ot ýaly ýanýardy, başynda hem birtopar täji bardy. Onuň maňlaýyna Onuň ady ýazylgydy, ýöne bu ady Özünden başga hiç kim bilýän däldir.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Şamuwel halka: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi. Duranlaryň ählisi: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ