Onsoň Ýehu Samariýa ikinji hatyny ýollap şeýle diýdi: «Eger siz meniň tarapymda bolup, meniň diýenlerime boýun bolsaňyz, onda siz patyşaňyzyň ogullarydyr agtyklarynyň barynyň kellesini alyp, ertir şu wagt meniň ýanyma Ýizregele geliň». Ahabyň ýetmiş ogludyr agtyklary özlerini terbiýeläp ýetişdiren şäher baştutanlarynyň ýanyndadylar.