Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Onsoň Ýehu Samariýa ikinji hatyny ýollap şeýle diýdi: «Eger siz meniň tarapymda bolup, meniň diýenlerime boýun bolsaňyz, onda siz patyşaňyzyň ogullarydyr agtyklarynyň barynyň kellesini alyp, ertir şu wagt meniň ýanyma Ýizregele geliň». Ahabyň ýetmiş ogludyr agtyklary özlerini terbiýeläp ýetişdiren şäher baştutanlarynyň ýanyndadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Онсоң Еху Самария икинҗи хатыны ёллап шейле дийди: «Эгер сиз мениң тарапымда болуп, мениң диенлериме боюн болсаңыз, онда сиз патышаңызың огулларыдыр агтыкларының барының келлесини алып, эртир шу вагт мениң яныма Йизрегеле гелиң». Ахабың етмиш оглудыр агтыклары өзлерини тербиеләп етишдирен шәхер баштутанларының янындадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:6
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, köşgi dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň gullaryň, biz seniň diýeniň bilen bolarys. Biz hiç kimi patyşalyga bellemeris. Özüň nämäni makul bilseň, şony-da et» diýdiler.


Olar haty alyp, onda aýdylyşy ýaly patyşanyň ogullarydyr agtyklarynyň ýetmişisini hem tutup, olaryň kellelerini kesdiler. Olar patyşa ogullarynyňdyr agtyklarynyň kellelerini sebede salyp, Ýizregele Ýehuwyň ýanyna iberdiler.


Ertesi ir bilen Ýehu halkyň öňüne çykyp, şeýle diýdi: «Siz ýazyksyz adamlar. Jenabym Ýorama garşy dildüwşük gurup, ony öldüren men. Emma bu ýatanlary öldüren kim?


Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi.


Siz: „Hudaý atalarynyň jezasyny çagalaryna çekdirýär“ diýýäňiz. Goý, atalaryň muny bileri ýaly, Hudaý olara almytyny bersin.


Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar-gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi.


Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr.


Isa oňa: «Ony togtatmaň! Kim size garşy bolmasa, ol siziň tarapyňyzdadyr» diýdi.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb – gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ