Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:5 - Mukaddes Kitap

5 Şeýdip, köşgi dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň gullaryň, biz seniň diýeniň bilen bolarys. Biz hiç kimi patyşalyga bellemeris. Özüň nämäni makul bilseň, şony-da et» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Шейдип, көшги доландырыҗы, шәхер хәкими, яшулулар ве Ахабың несиллерине хоссарлык эдйәнлер Ехува хабар ёллап: «Биз сениң гулларың, биз сениң диениң билен боларыс. Биз хич кими патышалыга беллемерис. Өзүң нәмәни макул билсең, шоны-да эт» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:5
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar jul geýnip, boýunlaryna ýüp salyp, ysraýyl patyşasynyň ýanyna baryp: «Seniň guluň Benhadat: „Haýyş edýärin, meni öldürme“ diýýär» diýdiler. Ahap: «Ol entäk dirimi? Ol maňa dogan ýalydyr» diýdi.


Ysraýyl patyşasy Ahap Benhadada şeýle jogap berdi: «Eý, meniň jenap patyşam, seniň aýdyşyň ýaly bolar; men we meniň ähli zadym seniňkidir».


Onsoň Ýehu Samariýa ikinji hatyny ýollap şeýle diýdi: «Eger siz meniň tarapymda bolup, meniň diýenlerime boýun bolsaňyz, onda siz patyşaňyzyň ogullarydyr agtyklarynyň barynyň kellesini alyp, ertir şu wagt meniň ýanyma Ýizregele geliň». Ahabyň ýetmiş ogludyr agtyklary özlerini terbiýeläp ýetişdiren şäher baştutanlarynyň ýanyndadylar.


Ýahuda patyşasy Hizkiýa Lakyş galasyndaky Aşur patyşasynyň ýanyna habar ýollap: «Hata etdim, meniň ýurdumdan git, talap eden zadyňy bereýin» diýdi. Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýadan bäş ýüz on batman kümüş bilen elli batman altyn talap etdi.


Olary diňlemäň, Babyl patyşasyna gulluk edip, diri galyň. Bu şäher näme üçin weýran bolsun?


Bu giden halky garnymda göterip, men dogrupmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“ diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň?


Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.


Şonuň üçin ýaşulularymyz we ýurdumyzyň ähli adamlary bizi siziň ýanyňyza iberip: „Ýol harajady üçin gerek zatlaryňyzy alyň-da, ysraýyl halkyny garşylamaga gidiň. Olara duşanyňyzda, halkymyzyň olaryň gullarydygyny aýdyp, olardan biziň bilen ylalaşyk baglaşmagyny haýyş ediň“ diýdiler.


Olar Ýeşuwa: «Biz siziň sadyk gullaryňyz» diýdiler. Ýeşuwa olardan: «Siz kim we nireden geldiňiz?» diýip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ