Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:4 - Mukaddes Kitap

4 Samariýanyň baştutanlarynyň we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänleriň gorkudan ýaňa ýürekleri ýaryldy. Olar: «Seret, Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa Ýehuwa garşy durup bilmediler, onsoň biz nädip oňa garşy duraly» diýişdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Самарияның баштутанларының ве Ахабың несиллерине хоссарлык эдйәнлериң горкудан яңа йүреклери ярылды. Олар: «Серет, Ысрайыл патышасы Ёрам билен Яхуда патышасы Ахазя Ехува гаршы дуруп билмедилер, онсоң биз нәдип оңа гаршы дуралы» дийишдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:4
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haty alan dessiňize patyşaňyzyň ogullarydyr ogul agtyklaryndan iň mynasybyny saýlap, ony atasynyň tagtynda oturdyp, jenabyňyzyň ogullarydyr agtyklary üçin uruş ediň».


Ýehu bar güýji bilen ýaýyny çekip, Ýoramyň iki egniniň ortasyndan urdy. Ok onuň ýüreginden geçip, ol öz söweş arabasyna ýykyldy.


Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi.


Olar biri-birlerine şeýle ýakyn welin, hatda aralaryndan howa geçmeýär.


Men gazaply däl, çalylar, tikenler garşyma çyksa, olar bilen söweşip, baryny oda ýakaryn.


Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Ýa bolmasa bir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýar diýeli. Üstüme gelýän ýigrimi müň esgere on müň esger bilen garşylyk görkezip bilermikäm diýip, ilki oturyp maslahatlaşmazmy?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ