Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:31 - Mukaddes Kitap

31 Emma Ýehu Ysraýyl Hudaýy Rebbiň kanunlaryny bütin kalby bilen berjaý etmedi. Ol ysraýyl halkyna günä etdiren Ýarobgamyň günälerinden el çekmedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Эмма Еху Ысрайыл Худайы Реббиң канунларыны бүтин калбы билен берҗай этмеди. Ол ысрайыл халкына гүнә этдирен Яробгамың гүнәлеринден эл чекмеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:31
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».


Onsoň Reb: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak goýup, bütin kalplary, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, ysraýyl tagtyndan seniň nesliňiň arkasy kesilmez“ diýip, maňa beren wadasyny berjaý eder.


Emma Ýehu Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli işlerinden el çekmedi. Ýarobgam Beýteldäki we Dandaky altyn gölelere sežde edip, ysraýyl halkyna günä etdirdi.


Ysraýyl halky Ýarobgamyň eden günälerini gaýtalady. Rebbiň Öz gullary pygamberler arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyl halkyny huzuryndan ýok edýänçä, olar günä etmekden el çekmediler. Şeýdip, olar öz ýurtlaryndan Aşura sürgün edildiler we olar tä şu güne çenli hem şol ýerdedirler.


Muňa garamazdan, Ýoram Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, pis işleri etmekden el çekmedi.


Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak asyp, seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


«Olaryň Hudaýy nirede?» diýip, goý, milletler aýtmasyn. Seniň bendeleriň dökülen ganlarynyň alynýanlygy göz alnymyzda, goý, milletler bilsin.


Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.


Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz.


Hudaýymyz Rebbiň sözüne gulak asmadyk, Onuň gullary bolan pygamberler arkaly bize beren kanunlary bilen ýöremedik.


Reb Horepde ot içinden size seslenende, siz Onuň Özüni görmediňiz. Habardar boluň we özüňizi goraň.


Gaty seresap boluň. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen eden ähtini ýatdan çykarmaň. Şeýle hem, Hudaýyňyz Rebbiň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinden but ýasanmaň.


Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ