Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:30 - Mukaddes Kitap

30 Reb Ýehuwa: «Sen Meniň nazarymda dogry iş edip, Ahabyň tohum-tiji babatda Meniň ýüregimiň islegini ýerine ýetirdiň. Şonuň üçin hem seniň nesliň dördünji arka çenli Ysraýyla patyşa bolar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Реб Ехува: «Сен Мениң назарымда догры иш эдип, Ахабың тохум-тиҗи бабатда Мениң йүрегимиң ислегини ерине етирдиң. Шонуң үчин хем сениң неслиң дөрдүнҗи арка ченли Ысрайыла патыша болар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:30
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň pygamber Ahap patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Meniň ölüme höküm eden adamymy eliňden goýberendigiň üçin seniň özüň onuň deregine ölersiň, onuň halkynyň başyna geljek bela seniň halkyňyň başyna geler“» diýdi.


Meniň gaharymy getirip, ysraýyl halkyna günä etdirenligiň üçin seniň nesilleriňi-de Nebadyň ogly Ýarobgamyň we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin“.


«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».


Şeýdip, Ýehu ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna Ýehuwyň ogly Ýehogahaz patyşa boldy.


Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ogly Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda Ýehuwyň ogly Ýehogahaz Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada on ýedi ýyl şalyk sürdi.


Ýahuda patyşasy Ýowaşyň şalygynyň otuz ýedinji ýylynda Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada on alty ýyl şalyk sürdi.


Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýanyň şalygynyň on bäşinji ýylynda Ýehowaşyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýarobgam Samariýa patyşa bolup, kyrk bir ýyl şalyk sürdi.


Ýarobgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol atalarynyň hem-de Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Zakarýa patyşa boldy.


Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ