Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:26 - Mukaddes Kitap

26 Şol ýerde olar Bagalyň buthanasyndaky dikme daşy daşary çykaryp, ony kül-owram etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Шол ерде олар Багалың бутханасындакы дикме дашы дашары чыкарып, оны күл-оврам этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:26
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut bilen onuň adamlary piliştlileriň taşlap giden butlaryny aldylar.


Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular.


Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden mahrum etdi, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron deresinde ýakdy.


Ahap Samariýada Bagal üçin guran buthanasynda Bagal üçin gurbanlyk sypasyny gurdy.


Onsoň ýurduň bütin halky Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler. Onsoň Ýehoýada ruhany Rebbiň öýüne garawullar goýdy.


Ol seždegähleri ýok etdi, dikme daşlary ýykdy we Aşera butlaryny kesip aýyrdy. Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady, çünki ysraýyl halky şol günlere çenli bürünç ýylana ýakymly ysly tütetgi ýakyp gelipdi. Ol bürünç ýylan Nehuştan diýip atlandyryldy.


Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.


Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady.


Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler.


Ol Aşera butuny Rebbiň öýünden Iýerusalimiň daşyna, Kidron deresine çykaryp, şol ýerde ýakdy. Onsoň ony ýenjip, kül edip, külüni adamlaryň gabyrlarynyň üstüne sepdi.


Ýoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Emma ol kakasy, ejesi ýaly däldi, çünki ol kakasynyň Bagala diken daşyny aýyrdy.


Piliştliler butlaryny taşlap gitdiler; butlar Dawudyň buýrugy bilen ýakyldy.


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Emma siz olar bilen şeýle ediň: olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykyň we beýleki butlaryny hem oda ýakyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ