Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:19 - Mukaddes Kitap

19 Şonuň üçin hem şu wagt Bagalyň pygamberleriniň, Bagala sežde edýänleriň, onuň ruhanylarynyň baryny meniň ýanyma çagyryň. Olaryň ýekejesini hem galdyrmaň, çünki men Bagala uly gurbanlyk hödür etjek. Olaryň içinden ýekejesi gelmän galaýsa, ol diri galmaz». Emma bu Ýehuwyň Bagala sežde edýänleri ýok etmek üçin guran hilesidi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Шонуң үчин хем шу вагт Багалың пыгамберлериниң, Багала сежде эдйәнлериң, онуң руханыларының барыны мениң яныма чагырың. Оларың екеҗесини хем галдырмаң, чүнки мен Багала улы гурбанлык хөдүр этҗек. Оларың ичинден екеҗеси гелмән галайса, ол дири галмаз». Эмма бу Ехувың Багала сежде эдйәнлери ёк этмек үчин гуран хилесиди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:19
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».


Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler.


Onsoň Ýehu bütin halky ýygnap, olara ýüzlenip şeýle diýdi: «Siz Ahap Bagala wepaly boldy diýip pikir edýänsiňiz, emma meniň – Ýehuwyň Bagala Ahapdan has wepalydygymy görersiňiz.


Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Sen näme üçin meniň ýanyma gelýärsiň? Sen kakaňyň, ejeňiň pygamberleriniň ýanyna git» diýdi. Emma Ysraýyl patyşasy Ýoram oňa: «Ýok, Rebbiň hut özi bizi, üç patyşany diňe Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.


Hudaýyň adyndan nähak sözleri sözlejekmi? Hileli sözler aýtjakmy Onuň adyna?


Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam onuň aýagyna tor gurýandyr.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Biziň çagyryşymyzda ne ýalan, ne ýaman niýet, ne-de hile bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ