Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýehu oňa: «Meniň bilen git-de, Rebbe wepalydygymy gör» diýdi. Şeýdip, Ýehuwyň adamlary Ýehonadaby onuň söweş arabasyna mündürdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Еху оңа: «Мениң билен гит-де, Реббе вепалыдыгымы гөр» дийди. Шейдип, Ехувың адамлары Ехонадабы онуң сөвеш арабасына мүндүрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:16
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Ylýas Oňa şeýle diýip jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum, çünki ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, pygamberleriňi öldürdiler. Indi men ýeke galdym. Olar meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Hazaýylyň gylyjyndan gutulany Ýehu öldürer, Ýehuwyň gylyjyndan gutulany bolsa Elýaşa öldürer.


Ýehu Samariýa gelip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözüne görä Ahabyň galan tohum-tijiniň baryny iň soňkusyna çenli gyryp ýok etdi.


Emma Ýehu Ysraýyl Hudaýy Rebbiň kanunlaryny bütin kalby bilen berjaý etmedi. Ol ysraýyl halkyna günä etdiren Ýarobgamyň günälerinden el çekmedi.


Seni öz agzyň däl, başgalar öwsün, öz diliň däl, keseki öwsün.


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Hudaý Bilgam bilen duşuşdy we Bilgam Oňa: «Men ýedi sany gurbanlyk sypasyny taýýarladym we olaryň her biriniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdim» diýdi.


Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ