2 Patyşalar 10:14 - Mukaddes Kitap14 Ýehu öz adamlaryna: «Bulary diri tutuň» diýdi. Olar Ahazýanyň garyndaşlaryny diri tutup, şol ýerdäki Beýteket guýynyň ýanynda olaryň kyrk ikisini hem öldürdiler. Ýehu olardan ýekejesini hem diri galdyrmady. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап14 Еху өз адамларына: «Булары дири тутуң» дийди. Олар Ахазяның гарындашларыны дири тутуп, шол ердәки Бейтекет гуйының янында оларың кырк икисини хем өлдүрдилер. Еху олардан екеҗесини хем дири галдырмады. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Onsoň Ýehu Samariýa tarap ýola düşdi. Ol ýolda çopanlaryň Beýteket diýen düşelgesinde Ýahuda patyşasy Ahazýanyň garyndaşlaryna sataşyp, olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Biz Ahazýanyň garyndaşlarydyrys. Biz şazadalar bilen, şa aýalynyň ogullary bilen görme-görşe barýardyk» diýip jogap berdiler.
Ýehu ol ýerden gaýdyp, özüni garşylamaga gelýän Rekabyň ogly Ýonadaba sataşdy. Ýehu oňa salam berip, ondan: «Meniň ýüregimiň seniňki bilen bir bolşy ýaly, seniň ýüregiň-de meniňki bilen birmi?» diýip sorady. Ýonadap hem: «Birdir» diýip jogap berdi. Ýehu: «Eger şeýle bolsa, onda eliňi uzat» diýdi. Ýonadap Ýehuwa tarap elini uzatdy. Ýehu ony araba mündürdi.
Onsoň Ýehu Samariýa ikinji hatyny ýollap şeýle diýdi: «Eger siz meniň tarapymda bolup, meniň diýenlerime boýun bolsaňyz, onda siz patyşaňyzyň ogullarydyr agtyklarynyň barynyň kellesini alyp, ertir şu wagt meniň ýanyma Ýizregele geliň». Ahabyň ýetmiş ogludyr agtyklary özlerini terbiýeläp ýetişdiren şäher baştutanlarynyň ýanyndadylar.