Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:11 - Mukaddes Kitap

11 Şeýdip, Ýehu Ahabyň Ýizregelde ýaşaýan garyndaşlarynyň baryny, onuň ähli baştutanlaryny, ýakyn dostlaryny, ruhanylaryny gyryp, ýekeje adamy hem diri galdyrmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шейдип, Еху Ахабың Йизрегелде яшаян гарындашларының барыны, онуң әхли баштутанларыны, якын достларыны, руханыларыны гырып, екеҗе адамы хем дири галдырмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin.


Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi.


Zimri patyşa bolup, Elanyň tagtynda oturan badyna, Bagşanyň bütin nesillerinden, dogan-garyndaşlaryndan we dost-ýarlaryndan bolan bar erkegi öldürdi.


Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».


Ylýas olara: «Bagalyň pygamberlerini tutuň, olaryň ýekejesi-de gaçmasyn» diýdi. Adamlar olaryň baryny tutdular. Ylýas Bagalyň pygamberlerini Kişon çeşmesine getirip, olary şol ýerde öldürdi.


Meniň gaharymy getirip, ysraýyl halkyna günä etdirenligiň üçin seniň nesilleriňi-de Nebadyň ogly Ýarobgamyň we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin“.


«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».


Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler.


Onsoň Ýehu Samariýa tarap ýola düşdi. Ol ýolda çopanlaryň Beýteket diýen düşelgesinde Ýahuda patyşasy Ahazýanyň garyndaşlaryna sataşyp, olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Biz Ahazýanyň garyndaşlarydyrys. Biz şazadalar bilen, şa aýalynyň ogullary bilen görme-görşe barýardyk» diýip jogap berdiler.


Ýoşyýa patyşa ol ýerdäki ähli seždegähleriň ruhanylaryny gurbanlyk sypalarynyň üstünde öldürip, gurbanlyk sypalarynyň üstünde adam süňklerini ýakdy. Şondan soň Ýoşyýa Iýerusalime dolanyp geldi.


Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn.


Men Ahabyň maşgalasyny Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin.


Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy.


Ýehu Ahabyň nesillerine höküm edýärkä, Ýahudanyň baştutanlaryna we Ahazýa hyzmat eden Ahazýanyň doganlarynyň ogullaryna duşup, olary öldürdi.


Halkynyň arasynda ne zürýady, ne-de nebereleri bar, mesgeninde yzynda hiç kim galmaýar


Gözýaş bilen ekin ekenler, heşelle kakyp, hasyl orarlar.


Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.


Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.


Reb bu galany hem onuň hany bilen bile ysraýyllaryň eline berdi, olar onuň ähli ilatyny gyrgyna berdiler, ol ýerde ýekeje-de janly zat galdyrmadylar. Ýerihonyň hanyny näme eden bolsalar, onuň hanyny hem şeýle etdiler.


Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ