Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 10:1 - Mukaddes Kitap

1-2 Ahabyň Samariýada ýetmiş ogly we ogul agtyklary bardy. Ýehu Samariýadaky Ýizregel baştutanlary bolan ýaşululara we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänlere şeýle mazmunly hat ýazyp iberdi: «Jenabyňyzyň ogullarydyr ogul agtyklary siziň ýanyňyzdadyr, şeýle hem atlar, söweş arabalary, gala we ýaraglar siziň hyzmatyňyzdadyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1-2 Ахабың Самарияда етмиш оглы ве огул агтыклары барды. Еху Самариядакы Йизрегел баштутанлары болан яшулулара ве Ахабың несиллерине хоссарлык эдйәнлере шейле мазмунлы хат язып иберди: «Җенабыңызың огулларыдыр огул агтыклары сизиң яныңыздадыр, шейле хем атлар, сөвеш арабалары, гала ве яраглар сизиң хызматыңыздадыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 10:1
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Omry Samariýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samariýa diýip at dakdy.


Omry ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahap onuň ýerine patyşa boldy.


«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».


Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi.


Ýehuwyň adamlary Ahazýany agtardylar. Ahazýa Samariýada gizlenip ýörkä tutulyp, Ýehuwyň ýanyna getirildi we öldürildi. Ony jaýlap, şeýle diýdiler: «Ahazýa Rebbe bütin kalby bilen tabyn bolan Ýehoşapadyň agtygydyr». Ahazýanyň nesillerinden patyşalygy dolandyryp biljek adam galmandy.


Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.


Bu giden halky garnymda göterip, men dogrupmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“ diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň?


Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek galalarynda tireleriňiziň arasyndan kazylar we baştutanlar belläň. Olar halkyň hal-ýagdaýyny adalatly çözsünler.


Onuň otuz ogly bardy; olaryň hersi bir eşek münüp, Gilgadyň otuz galasyna öz hökümlerini ýöredýärdiler. Henize çenli şol galalar Hawotýaýyr diýlip atlandyrylýar.


Onuň kyrk ogly we otuz agtygy bolup, olaryň hersi bir eşek mündi. Ol Ysraýyla sekiz ýyllap serdar boldy.


Gidegon köp aýally bolansoň, onuň ýetmiş ogly bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ