Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Bu eden işiň üçin Reb şeýle diýýär: „Sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“». Şeýdip, Ylýas pygamber özüne berlen tabşyrygy berjaý etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Бу эден ишиң үчин Реб шейле диййәр: „Сен ятан дүшегиңден галмарсың, хөкман өлерсиң“». Шейдип, Ыляс пыгамбер өзүне берлен табшырыгы берҗай этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 1:4
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».


Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz.


Indi sen tur-da, öýüňe git. Sen gala aýak basan badyňa, ogluň öler.


Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samariýada açlyk gaty gazaplydy.


Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.


Çaparlar patyşanyň ýanyna dolanyp geldiler. Patyşa olardan: «Siz näme üçin yzyňyza dolanyp geldiňiz?» diýip sorady.


Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň».


Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.


Elýaşa Hazaýyla: «Bar-da patyşa: „Sen hökman sagalarsyň“ diý, emma Reb maňa onuň hökman öljekdigini görkezdi» diýdi.


Ýürekden dogruçyl ynsan – ýaşaýşa, ýamanlygy yzlaýan – ölüme barýar.


Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar, dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar.


Ine, her bir diri jan Meniňkidir. Atalaryň jany-da, ogullaryň jany-da Meniňkidir; diňe günä eden jan öler.


Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».


Üstesine-de, seniň bilen bilelikde Ol Ysraýyly piliştlileriň eline berer; ertir ogullaryň bilen bile meniň ýanyma gelersiň. Reb Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ