Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Emma Rebbiň perişdesi tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Git-de, Samariýanyň patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp, olara: „Siz Piliştiň Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“ diý.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Эмма Реббиң перишдеси тишбели Ыляс пыгамбере шейле дийди: «Гит-де, Самарияның патышасының чапарларының өңүнден чыкып, олара: „Сиз Пилиштиң Экрон галасының худайы Багалзебупдан патышаңыз барада сорамага гидер ялы Ысрайылда Худай ёкмы нәме?“ дий.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 1:3
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Birnäçe wagt geçenden soň, guraklygyň üçünji ýylynda, Reb Ylýasa şeýle diýýär: «Bar, Ahabyň ýanyna git; Men ýurda ýagyş ýagdyrjak».


Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg etdi: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et.


Soňra ol gyrymsy sübse agajynyň aşagynda ýatdy-da, uka gitdi. Ine, birdenkä bir perişde Ylýasy yrap: «Tur-da, iýip-iç» diýdi.


Rebbiň perişdesi ikinji gezek gelip, ony yrap: «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi.


Onsoň tişbeli Ylýas pygambere Rebbiň sözi aýan boldy:


Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.


Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň».


Olar patyşa: «Ol düýe ýüňünden tikilen donludy we biline-de gaýyş guşak guşalandy» diýip jogap berdiler. Patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.


Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.


Hudaýyň adamy Elýaşa Ysraýyl patyşasynyň ýakasyny ýyrtanyny eşidip, onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Sen näme ýakaňy ýyrtan bolýaň? Nagaman meniň ýanyma gelip, Ysraýylda bir pygamberiň bardygyny bilsin» diýdi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Asafyň mezmury.


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Ýa Reb, jandan umyt üzenimde, Seni çagyrdym. Öz mukaddes ybadathanaňda sözümi eşitdiň.


Iýerusalimden gelen Töwrat mugallymlary bolsa: «Ony jynlaryň hökümdary Beýelzebul eýeläpdir! Ol arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler.


Rebbiň bir perişdesi Filipe: «Tur, günorta tarap, Iýerusalimden Gaza barýan çöllük ýoldan git» diýdi.


Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ