Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Бир гүн Ахазя Самария шәхериндәки көшгүниң ёкаркы гатындакы пенҗиреден йыкылып, шикесленди. Онсоң ол: «Гидиң-де, Экрон худайы Багалзебупдан сораң, мен бу шикесден гутулып билеринми?» дийип чапарлар ёллады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 1:2
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eliňe on çörek, külçeler, bir golça-da bal alyp, onuň ýanyna git; ol saňa oglumyza näme boljagyny aýdyp berer».


Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýylyň patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi.


Şeýdip, Ahap ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ahazýa onuň ýerine patyşa boldy.


Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.


Emma Rebbiň perişdesi tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Git-de, Samariýanyň patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp, olara: „Siz Piliştiň Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“ diý.


Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň».


Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.


Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, pislik edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?


Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär.


Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar.


Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.


Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini – Gozany, Harany, Resepi we Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi?


Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.


Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!


Iýerusalimden gelen Töwrat mugallymlary bolsa: «Ony jynlaryň hökümdary Beýelzebul eýeläpdir! Ol arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler.


Emma olaryň käbiri: «Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýdiler.


Ýewtuk atly bir ýaş ýigit penjirede otyrdy. Pawlus gürrüňini dowam edýärkä, Ýewtugy uky basyp, üçünji gatdan ýykyldy. Ony baryp görenlerinde, ol eýýäm jan beren eken.


Ol ýerden Ekronyň demirgazyk tarapyna gidýär we Şikarona tarap aýlanyp, Bagala dagynyň üsti bilen Ýabneýele gelýär. Iň soňunda araçäk Ortaýer deňzinde gutarýar.


Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris.


Siseranyň ejesi penjireden seredip, gözüni ýola dikip durşuna perýat edýär: „Oglumyň söweş arabalary näme üçin eglendikä? Näme üçin atlarynyň aýak sesi eşidilenok?“.


Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ