Şeýdip, Rebbiň Ylýasyň üsti bilen aýdan sözüne görä, Ahazýa patyşa dünýäden ötdi. Ahazýa patyşa ölenden soň, ýerine dogany Ýoram patyşa boldy, sebäbi onuň ogly ýokdy. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoramyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ysraýyla patyşa boldy.
Ýehowaşyň beýleki işleri we ähli eden işleri, Ýahuda patyşasy Amazýa garşy eden uruşlarynda görkezen edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
Ýehowaşyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen eden urşy barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
Ýarobgamyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi, nähili söweşeni we onuň öň Ýahuda degişli bolan Damasky we Hamaty Ysraýyla gaýtaryp berşi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.