Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Patyşa ýanynyň elli adamy bilen üçünji ellibaşyny Ylýasyň ýanyna ýollady. Şeýdip, üçünji ellibaşy Ylýasyň ýanyna gelip, öňünde dyza çöküp, ýalbaryp: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň we bu elli guluňyň janyna haýpyň gelsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Патыша янының элли адамы билен үчүнҗи эллибашыны Ылясың янына ёллады. Шейдип, үчүнҗи эллибашы Ылясың янына гелип, өңүнде дыза чөкүп, ялбарып: «Эй, Худайың адамы, мениң ве бу элли гулуңың җанына хайпың гелсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 1:13
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.


Ylýas oňa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden Hudaýyň ody inip, ol ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.


Öňki iki ellibaşy elli adamy bilen gökden inen oda ýanyp kül boldy, emma indi seniň meniň janyma haýpyň gelsin» diýdi.


Emma Rebden gorkýanlar üçin, ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi. Rebbiň ähtini saklap, buýrugyny berjaý edýänler üçin, Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.


Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum, her säherde men ejir çekdim.


Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Akmagy sokuda galla garyp, sokudaşy bilen döwseň-de, ondan akmaklygy aýrylmaz.


Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.


Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan.


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ