Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Patyşalar 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Ylýas ellibaşa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden ot inip, ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Ыляс эллибаша: «Эгер мен Худайың адамы болсам, гой, Худай гөкден от индерип, сени ве сениң элли адамыңы якып күл этсин» дийди. Онсоң гөкден от инип, эллибашыны ве онуң элли адамыны якып күл этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Patyşalar 1:10
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.


Patyşa ýanynyň elli adamy bilen ikinji ellibaşyny Ylýasyň ýanyna ýollady. Ol hem Ylýas pygamberiň ýanyna gelip, oňa: «Eý, Hudaýyň adamy, patyşa saňa tiz aşak düşmegi buýurýar» diýdi.


Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.


Ol olaryň dileglerini bitirdi, emma üstlerine gyrgyn iberdi.


Olar iýmitiň islendigini ýigrendi, ölüm derwezeleriniň agzyna bardy.


Patyşanyň buýrugynyň juda berkdigi sebäpli küre çendenaşa gyzdyrlandygy üçin, Şadragy, Meýşagy, Abednegony oda taşlan adamlar onuň howruna ýandylar.


Patyşa: «Emma men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zeper ýetmändir we olaryň dördünjisiniň keşbi hudaýlaryň biriniňkä meňzeýär» diýdi.


Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler.


Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler.


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Olar Isa: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar eder we üzümçiligini bolsa miwesini wagtynda özüne berjek başga kärendeçilere berer» diýdiler.


Isanyň şägirtleri Ýakup bilen Ýohanna muny görüp, Ondan: «Eý, Agam! Olary ýok etmek üçin gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýip soradylar.


Hirod Petrusy agtardy. Emma ony tapmansoň, garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy. Şondan soň Hirod Ýahudyýadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy.


Kimdir biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny köýdürer. Olara zyýan ýetirmekçi bolan şeýle öldürilmelidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ