Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 9:8 - Mukaddes Kitap

8 Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, islendik ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size merhemetini boldan-bol bermegi başarýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Хемише хемме задыңыз етерлик болуп, ислендик ягшы ише бол мүмкинчилигиңиз болар ялы, Худай сизе мерхеметини болдан-бол бермеги башаряндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 9:8
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Amazýa Hudaýyň adamyna: «Ysraýyl goşunyna beren ýüz ýetmiş batman kümşüm bilen näme etmeli?» diýdi. Hudaýyň adamy: «Reb saňa ondan hem artyk berip biler» diýip jogap berdi.


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Rebbiň berekedi baýlyk getirýär, Ol bu baýlyga dert-alada goşmaz.


Biri bar paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.


Ýoksula ýardam edýän mätäç bolmaz, görmezlige salýan bolsa, näletsiz galmaz.


Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.


Kümüş-de, altyn-da Meniňkidir. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?


Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Sebäbi siz Mesihiň men arkaly gürleýändigini subut edýän delilleri talap edýärsiňiz ahyryn. Mesih siz bilen iş salşanda ejiz däldir, Ol siziň araňyzda güýçlüdir.


Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir.


Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar.


Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris.


Siz her zatda sahy bolup bileriňiz ýaly, ähli zada baý bolarsyňyz. Biz siziň sahy peşgeşiňizi eltip berenimizde, köp adamlar Hudaýa şükür ederler.


Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.


Bizde işleýän gudratyna görä, Hudaý her bir haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandyr.


Men muny nämedir bir zada mätäç bolanym üçin aýtmaýaryn. Sebäbi her ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrenendirin.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


Imanlylar babatda hem şeýle: özüni her tüýsli ýamanlykdan saklaýan imanly ýörite saýlanylyp, Hojaýyny üçin ýaramly gap kimin bolar. Ol islendik ýagşy işler üçin taýýardyr.


Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


Hudaý siziň her biriňize dürli ruhy peşgeşler berdi. Olary biri-biriňize hyzmat etmek üçin ulanyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ