Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 9:5 - Mukaddes Kitap

5 Şoňa görä-de, wada edilen hemaýatyňyzyň taýýardygyna göz ýetirmek üçin, özüm barmazdan öň doganlarymyzy ýanyňyza ibermeli diýen karara geldim. Ýöne men hemaýatyňyzyň mejbury däl-de, göwünjeňlik bilen berlen peşgeş bolmagyny isleýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Шоңа гөрә-де, вада эдилен хемаятыңызың тайярдыгына гөз етирмек үчин, өзүм бармаздан өң доганларымызы яныңыза ибермели диен карара гелдим. Йөне мен хемаятыңызың меҗбуры дәл-де, гөвүнҗеңлик билен берлен пешгеш болмагыны ислейәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 9:5
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.


Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.


Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn.


Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik.


Men doganlara siziň taýýardygyňyz we pul kömeginiň eýýäm ýygnalandygyny aýdypdym. Ine, şu zatlara göz ýetirmek üçin, olary siziň ýanyňyza iberýärin. Men siz baradaky magtanjymyň ýalan bolup çykmagyny islämok.


Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr.


Men muny peşgeşleriňize hantama bolanym üçin aýtmaýaryn. Men siziň bähbidiňiziň artmagyny isleýärin.


Aksa kakasyna: «Maňa peşgeş bersene. Sen maňa Negep çölüniň gurak ýerlerini berdiň, maňa suw bulaklaryny-da beräý!» diýdi. Şunlukda, Kalep ýokarky we aşaky çeşmeleri hem oňa bagyş etdi.


Ine, şu sowgatlary gyrnagyň seniň ýigitleriňe bermek üçin agasyna getirdi.


Dawut Ziklaga gelip, «Ine, şu Rebbiň duşmanlaryndan alnan oljadan size sowgat» diýip, öz dostlary bolan ýahuda ýaşulularyna iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ