Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Çünki men siziň ýardam etmekdäki yhlasyňyzy bilýärin. Men: «Ahaýa welaýaty geçen ýyldan bäri taýýardyr» diýip, makedoniýalylara siz babatda magtanýaryn. Siziň şeýle yhlasyňyz köpleri höweslendirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Чүнки мен сизиң ярдам этмекдәки ыхласыңызы билйәрин. Мен: «Ахая велаяты гечен йылдан бәри тайярдыр» дийип, македониялылара сиз бабатда магтанярын. Сизиң шейле ыхласыңыз көплери хөвеслендирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 9:2
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim.


sebäbi Makedoniýadaky we Ahaýadaky ýygnaklar Iýerusalimdäki ýygnagyň mätäçlerine maddy kömegini ibermegi makul gördüler.


Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesihe iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi:


Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam!


Men onuň ýanynda siz babatda öwnüpdim, siz-de meniň ýüzümi ýere salmadyňyz. Size aýdanlarymyzyň elmydama hakykat bolşy ýaly, Titusyň öňündäki magtanjymyzyň hem hakykatdygy subut boldy.


Size biçak ynanýaryn, biçak guwanýaryn! Men şeýle uly teselli tapdym. Muşakgatlarymyz her nähili agyr bolsa-da, begenjimiň çägi ýokdur.


Siz geçen ýyl hemaýat bermekde ilkinji bolmak bilen çäklenmän, muny uly höwes bilen etdiňiz. Şunlukda, ine, meniň maslahatym:


bu işi öz mümkinçiligiňizden ugur alyp bitiriň. Ony yhlasly başlaýşyňyz ýaly, yhlas bilen-de tamamlaň.


Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir.


Şoňa görä-de, olaryň baryna öz söýgiňizi görkezip, siz babatdaky magtanjymyzyň ýerliklidigini ähli ýygnaklara subut ediň.


Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär.


Şeýdip, Makedoniýa bilen Ahaýadaky imanlylaryň ählisine görelde bolduňyz.


Biri-birimizi söýmäge we oňat işler etmäge höweslendirmek barada pikirleneliň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ