Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 9:15 - Mukaddes Kitap

15 Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Худайың шейле аҗайып пешгеши үчин Оңа шүкүрлер болсун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 9:15
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýene-de aýdyň: «Eý, gutulyşymyzyň Hudaýy, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi azat et-de, toplap al.


Rebbe şükür ediň we Oňa ybadat ediň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.


Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma, ylaýta-da öz goňşularyma; betnyşan boldum men tanyşlaryma; köçede görýänler menden gaçýarlar.


Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň; Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa, meni ugrukdyr.


Reb höküm sürýär, Ol şöwkete beslenen. Reb gudrata beslenen, ony guşanan – dünýä bina edilen, asla sarsmaz Ol.


Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi.


Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Emma Hudaýyň peşgeş beren merhemetini Adam atanyň günäsi bilen deňeşdirip-de bolmaz! Çünki bir adamyň günäsi köpleri ölüme duçar etdi; başga bir Adamyň, ýagny Isa Mesihiň merhemeti arkaly bolsa köpler Hudaýyň bu peşgeşini boldan-bol aldy.


Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar.


Siz her zatda sahy bolup bileriňiz ýaly, ähli zada baý bolarsyňyz. Biz siziň sahy peşgeşiňizi eltip berenimizde, köp adamlar Hudaýa şükür ederler.


Hudaýyň size beren boldan-bol merhemetini görüp, olar siziň üçin doga-dilegler ederler, siziň bilen didarlaşmagy küýsärler.


Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ