Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 9:10 - Mukaddes Kitap

10 Hudaý daýhanyň ekjek tohumyny, iýjek çöregini ýetirýändir. Şoňa görä-de, Ol siziň ekeniňizi boldan-bol artdyryp, dogrulygyňyzyň bol hasylyny ýetişdirmegi hem başarar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Худай дайханың экҗек тохумыны, ийҗек чөрегини етирйәндир. Шоңа гөрә-де, Ол сизиң экениңизи болдан-бол артдырып, догрулыгыңызың бол хасылыны етишдирмеги хем башарар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 9:10
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmelimi, mülklerimiz çöle dönäýmelimi? Bizi mülklerimiz bilen bile al-da, bize azyk ber. Mülklerimiz bilen bile faraona gul bolaly. Biziň ölmezimiz ýaly, mülklerimiziň-de çöle dönmezi ýaly, siz bize tohum beriň».


Erbediň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.


Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.


Ýagşyň, garyň göklerden inip, ýeri suwaryp, ony önümli, hasylly edip, ekene tohum, çörek iýýäne çörek berýänçä, yzyna dolanmaýşy dek,


Özüňiz üçin dogrulyk ekip, sadyk söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe dileg etmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.


«Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.


Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar.


Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr.


Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi.


Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň miwesidir.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Men muny peşgeşleriňize hantama bolanym üçin aýtmaýaryn. Men siziň bähbidiňiziň artmagyny isleýärin.


Biziň sizi söýşümiz ýaly, goý, Reb biri-biriňize, ähli adamlara bolan söýgiňizi artdyryp, pürepür etsin.


Hakykatdan-da, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlaryňyzy söýýärsiňiz. Emma şonda-da, eý, doganlar, bu söýgiňizi mundan beýläk has-da artdyryň diýip ýalbarýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ