Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Сизиң иманыңыз гүйчли; сиз нәдип вагыз этмелидигини билйәрсиңиз. Сизиң дүшүнҗәңиз, ыхласыңыз ве бизден өвренен сөйгиңиз долуп-дашяр. Хакыкы, сиз әхли зады шейле оңат башарярсыңыз. Шонуң үчин-де, сахылыкда-да шейле болмагыңызы ислейәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 8:7
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iki çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn! Sen maňa iki çuwal altyn-kümüş beripdiň, ine, men ondan ýene iki çuwal gazandym“ diýýär.


Eý, doganlarym! Men siziň ýagşylykdan doludygyňyza, hemme zady bilýändigiňize, biri-biriňize öwüt bermegi başarýandygyňyza berk ynanýaryn.


Çünki siz Isa Mesih arkaly ähli zada: dilewarlyga-da, bilim hazynasyna-da eýe bolduňyz.


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez.


Şonuň üçin-de, ruhy zatlara şeýle ymtylýan bolsaňyz, ýygnagy berkidýän peşgeşleri almaga dyrjaşyň.


Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly öwünýärsiňiz?!


Biz diňe Titusyň gelmeginden däl, eýsem oňa beren teselliňiz barada eşidip-de, teselli tapdyk. Ol siziň meni küýseýändigiňiz, çuňňur gynanjyňyz, maňa bolan uly yhlasyňyz barada gürrüň berende, begenjim öňküden-de artdy.


Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik.


Hudaýyň size beren boldan-bol merhemetini görüp, olar siziň üçin doga-dilegler ederler, siziň bilen didarlaşmagy küýsärler.


Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, islendik ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size merhemetini boldan-bol bermegi başarýandyr.


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan.


Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň,


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ