Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 8:3 - Mukaddes Kitap

3 Dogrudan-da, olar elinden gelen, hatda ondan hem artyk hemaýat kömegini sahylyk bilen meýletin berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Догрудан-да, олар элинден гелен, хатда ондан хем артык хемаят көмегини сахылык билен мейлетин бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 8:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.


Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç;


Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady.


Şonda şägirtleriň ählisi güýçleriniň ýetdiginden ýahudyýaly doganlara goldaw üçin pul ýollamagy karar etdiler.


Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok.


Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn.


Eger men muny özüm saýlan bolsadym, onda sylaga tamakin bolardym. Emma muny maňa Hudaý buýurdy.


Indi ol şatlygyňyza näme boldy? Meniň özüm diri şaýat ahyryn: siz eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa berjekdiňiz-ä!


Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.


Onuň siziň üçin, şeýle-de Laodikiýadaky we Iýerapolisdäki imanlylar üçin arman-ýadaman zähmet çekýändigine men şaýatdyryn.


Şoňa görä-de, biz diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl, eýsem ýüregimiziň töründen orun bermäge-de taýyndyk, sebäbi siz biziň üçin şeýle eziz bolduňyz!


Ýöne etjek ýagşylygyň mejbury däl-de, meýletin bolar ýaly, senden birugsat hiç zat edesim gelmedi.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ