Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 8:23 - Mukaddes Kitap

23 Titus babatda şuny aýtmakçy: ol meniň ýoldaşym we siziň araňyzdaky hyzmatdaşymdyr. Iberen doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň wekilleri we Isa Mesihiň şöhratydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Титус бабатда шуны айтмакчы: ол мениң ёлдашым ве сизиң араңыздакы хызматдашымдыр. Иберен доганларымыз болса йыгнакларың векиллери ве Иса Месихиң шөхратыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 8:23
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi.


Şoňa görä olar beýleki gaýykdaky ýoldaşlarynyň gelip kömekleşmekleri üçin, ellerini bulap yşarat etdiler. Olar gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy.


Men size dogrusyny aýdýaryn, gul hojaýyndan beýik däldir, habarçy-da özüni iberenden beýik däldir.


Erkek başyny örtmeli däldir. Çünki ol Hudaýyň keşbidir, Onuň şöhratydyr. Aýal bolsa erkegiň şöhratydyr.


Men Titusdan siziň ýanyňyza gitmegini haýyş etdim. Onuň ýany bilen imandaky doganymyzy hem iberdim. Heý-de Titus sizi öz bähbidi üçin işletdimi? Eýsem biz şol bir Mukaddes Ruha görä ýaşamaýarysmy? Şol bir ýörelgä eýermeýärismi?


Emma Hudaý göwni çökgünlere teselli berýändir. Ol Titusy ýanymyza iberip, bize hem teselli berdi.


Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy.


Titusyň ýany bilen imanly doganymyzy hem iberýäris. Onuň Hoş Habary ýaýmakdaky hyzmaty üçin, ony ähli ýygnaklar sylaýandyr.


Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir.


Şeýle-de Titusyň ýany bilen ýene-de bir doganymyzy iberýäris. Ol özüniň her dürli işlerde yhlaslydygyny ençeme gezek subut etdi. Size bolan ynamy sebäpli, ol mundan beýläk has-da köp yhlas etmäge taýyndyr.


Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik.


Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim.


Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.


Siz bu Hoş Habary söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz. Ol siziň ugruňyzda Mesihiň sadyk hyzmatkäridir.


Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.


sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.


Eý, Titus, imanymyzyň bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!


Şoňa görä-de, meni dostuň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et.


Biz hakykat ugrunda bile işlär ýaly, şeýle adamlary goldamaga borçludyrys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ